Iň täze habarlar

Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyna 10 sany ministrlikler hem-de pudak edaralary birikdirildi

29.07.2025 | 13:03 |
 Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyna 10 sany ministrlikler hem-de pudak edaralary birikdirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza sanly ykdysadyýeti ösdürmek hakynda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, milli programma önümleri döretmek, sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmak boýunça, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan taslamalar taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipelerinde, döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde, edaralaryň maglumat ulgamy hökmünde «Elektron hökümetini» döretmek bellenen.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda «Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasy baglaşyldy.

Resminama laýyklykda, Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de bu ulgamlara başlangyç tapgyrda 10 sany pudak edarasyny birikdirmek, şeýle hem bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribesini öwrenmek we işlerini gurnamak göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem, maglumatlaryň howpsuz alyş-çalşygyny ýola goýmak üçin, howpsuzlyk serwer enjamlary gurnalyp, bellenen tertipde ylalaşyga laýyklykda, Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyna 10 sany ministrlikler hem-de pudak edaralary birikdirildi.

Bulardan başga-da, häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň çäklerinde, döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýan 12 sany elektron hyzmatlar «X-Road» platformasy arkaly Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyna birikdirildi.

Agzalyp geçilen döwlet edaralaryň hem-de elektron hyzmatlaryň, Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyna birikdirilmegi ýurdumyzda «Elektron hökümet» ulgamyny döretmekde möhüm ädim bolmak bilen, raýatlara hem-de döwlet edaralaryna hyzmatlary gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmäge, çykdajylary tygşytlamaga, maglumatlaryň elýeterligini hem-de olaryň goraglygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri döreder.

Taslama laýyklykda, hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de taslama gatnaşýan pudaklaryň 75 sany hünärmenleri üçin, «X-Road» platformasynyň ulanyşy we howpsuzlygy, maglumat tehnologiýasynyň tor (internet, lokal) ulgamlary boýunça «Cisco CCNA» we «Cisco CCNP» şeýle hem, «Linux», «Java» hem-de «Python» ýaly programma üpjünçiliklerini taýýarlamak dilleri boýunça tapgyrlaýyn okuwlar geçirilip, degişli şahadatnamalar berildi.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi, pudaklaryň arasynda maglumat alyşmagy ýönekeýleşdirmäge, gije-gündiziň dowamynda maglumatlara elýeterligi üpjün etmäge, ýurdumyzda elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Bu bolsa öz gezeginde, elektron maglumat dolanyşygynyň gerimini giňeltmäge, ulgamlaryň awtomatlaşdyrylmagynyň netijesinde bolsa administratiw çykdajylary azaltmaga we serişdeleri tygşytlamaga, şeýle-de «Elektron hökümet» ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de elektron hyzmatlary ulgamlaşdyrmaga ähmiýet berer.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: