Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly öňde boljak çäreleri maslahatlaşdylar
28.07.2025 | 23:40 |28-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek, täze ösüş nokatlaryny döretmek, öňde boljak sebitleýin we halkara çäreler şeýle hem başga-da köp möhüm meseleler boýunça pikir alyşyldy.
Soňky ýyllarda, ilkinji nobatda, ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklary netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk görlüp-eşidilmedik ýokary derejä ýetirildi.
Ýakyn we netijeli pudagara aragatnaşyklar saklanýar, söwdanyň we ýük gatnawynyň möçberi artdyrylýar. Möhüm hyzmatdaşlyk taslamalary durmuşa geçirilýär, “Şawat – Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyny gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini, Sebitara forumyny we Işewürler geneşini geçirmek meýilleşdirilýär.
Taraplar şeýle hem şu ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk işlerini utgaşdyrýarlar.
ORIENT