Iň täze habarlar

OpenAI ChatGPT hyzmatynyň ulanylyşy boýunça täsirli statistikalary berýär

27.07.2025 | 13:55 |
 OpenAI ChatGPT hyzmatynyň ulanylyşy boýunça täsirli statistikalary berýär

OpenAI-nyň baş direktory Sem Altman, ABŞ-nyň Federal Rezerw ulgamynyň maslahatynda ChatGPT hyzmatynyň meşhurlygynyň çalt ösüşine degişli maglumatlary bilen paýlaşdy. Žurnalistlerde bar bolan statistika dünýäniň dürli künjeginden ulanyjylaryň bu emeli aň hyzmaty bilen nähili işjeň gatnaşyýandygyny görkezýär.

Her gün ChatGPT takmynan 2,5 milliard soraga jogap berýär. Şolaryň takmynan 330 milliony Amerikanyň ulanyjylaryndan gelip gowuşýar, bu bolsa ABŞ-nyň kompaniýanyň iň uly bazarynyň biridigini görkezýär.

2025-nji ýylda ChatGPT-niň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany 500 million adama ýetdi. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda bu görkeziji diňe 300 milliondy, bu bolsa ep-esli ösüşi görkezýär. Ulanyjylaryň köpüsi diýen ýaly hyzmatyň mugt wersiýasyna isleg bildirýär.

Mysal hökmünde Google her gün 13,6 milliard gözleg soragyna jogap berýär. Bilermenleriň pikiriçe, eger-de OpenAI öz brauzerini işläp çykaran ýagdaýynda, kompaniýa bu görkeziji boýunça Google bilen deňeşip biler, hatda ony geçmegi-de mümkin. Şeýle brauzer barada käbir maglumatlar bar, emma häzirlikçe OpenAI tarapyndan resmi tassyklama ýok.

ORIENT

Foto: chas.news

Şeýle hem okaň: