ChatGPT-5: OpenAI awgustda täze emeli aň modelini çykarmaga taýýarlanýar
28.07.2025 | 18:20 |OpenAI öz çat-botynyň täze we köpden bäri garaşylýan wersiýasy — ChatGPT-5-iň çykmagyna taýýarlanýar. Bu modeliň awgust aýynyň başynda peýda bolmagyna garaşylýar, ýöne onuň çykyşy aýyň ahyryna çenli yza süýşüp biler. Bu barada The Verge neşiriniň redaktory Tom Uorren kompaniýa ýakyn çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Esasy wersiýa bilen birlikde OpenAI has ykjam görnüşleri — ChatGPT-5-mini we ChatGPT-5-nano görnüşlerini hem taýýarlaýar. Esasy we mini wersiýalar abuna arkaly we API arkaly (programmistler üçin) elýeterli bolar, nano wersiýasy bolsa diňe API arkaly ulanylyp bilinjek modeldir.
OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman eýýäm ChatGPT-5-i ulanmak tejribesi bilen paýlaşyp, bu modeliň çylşyrymly bir soraga beren jogaby esasynda özüni “emeli aňyň gapdalynda peýdasyz” duýandygyny aýtdy.
Uorreniň pikiriçe, OpenAI geljekde çykjak modelleriniň birini mümkin boldugyça tiz umumy emeli aň (AGI — umumy emeli aň) hökmünde yglan etmäge ymtylýar. Bu möhüm ädim, sebäbi häzirki wagtda Microsoft bilen baglaşylan şertnama OpenAI modellerini diňe AGI derejesine ýetýänçä ulanmaga mümkinçilik berýär. AGI derejesine tiz ýetmek OpenAI kompaniýasyna Microsoft bilen bolan käbir borçlardan azat bolmaga mümkinçilik berip biler.
ChatGPT-5-iň esasy wersiýasy “bitewi” model bolup, ulanyjynyň islegine görä jogap stilini özbaşdak saýlap biler: çalt we ýeňil görnüş (ChatGPT-4o ýaly) ýa-da has giňişleýin we çuň manyly görnüş (ChatGPT-3.5-o — o3 ýaly). Mundan ozal Sem Altman ChatGPT-5 modeli hemmelere, şol sanda mugt ulanyjylara-da elýeterli bolar diýip wada beripdi, ýöne abuna ýazylanlar modeli has uzak we ýokary hilli pikirlenme tertibinde ulanyp bilerler.
ORIENT