Türkmenistanda buraw guýularynyň dikeldilmegi meýilnamadan artyk 81 müň tonnadan gowrak nebit getirdi
29.07.2025 | 10:50 |«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli abatlaýyş işleri arkaly goşmaça 81 830 tonna golaý nebitiň çykarylyşyny üpjün etdiler.
Trestde habar berlişine görä, bu görkeziji ýylyň birinji ýarymy üçin meýilnamanyň 141 göterimine deň boldy. Bu görkeziji, esasanam, “Gamyşlyja” guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň işgärleriniň goşandy bilen gazanyldy. Bu bölümiň hünärmenleri bellenilen meýilnamadan 24 müň tonnadan gowrak nebitiň çykarylmagyny üpjün etdiler. Bu ýerde 32 guýy düýpli abatlandy, olaryň 24-si gaýtadan ulanyşa girizildi.
Umuman, hasabat döwri boýunça trestiň desgalarynda 199 guýy üçin niýetlenen meýilnamadan 217 guýy düýpli abatlandy diýip, kompaniýada bellediler. Bu işler trestiň awtoulag we ýöriteleşdirilen müdirlikleriniň tehnikalary arkaly ýerine ýetirildi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, az öndürýän we durzan guýulary dikeltmek ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça netijeli çäreleriň biridir. Balkan welaýaty bolsa, Türkmenistanda nebitiň çykarylýan esasy sebitleriniň biri bolmagynda galýar.
ORIENT