Iň täze habarlar

Samsung Galaxy Z Flip 7 resmi taýdan tanyşdyrylmazdan öň wideo ýazgyda peýda boldy

08.07.2025 | 14:15 |
 Samsung Galaxy Z Flip 7 resmi taýdan tanyşdyrylmazdan öň wideo ýazgyda peýda boldy

Täze eplenilýän Samsung Galaxy Z Flip 7 smartfony internetde peýda bolan wideo ýazgydaky daşky görnüşi boýunça garaşylyşyndan has ýokary boldy. Wideoda öňki model bilen deňeşdirilende has uly daşky ekran we inçejik korpus görkezilýär.

X sosial ulgamyndan pozulandan soň internetde çalt ýaýran wideoda enjam gara reňkde görkezilýär. Galaxy Z Flip 7 öňki model Galaxy Z Flip 6 bilen deňeşdirilende has inçedir. Şeýle-de, enjam açyk ýagdaýda bolanda esasy ekranyň eplenilýän ýerinde epin görünmeýär, bu bolsa gurluşynda ep-esli kämilleşdirmä ýetilendigini görkezýär. Wideoda enjamyň gaplama daşy hem görünýär.

Ulaldylan daşky ekran indi birbada dört elementi görkezýän täze wijet panelini öz içine alýar, bu bolsa onuň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär. Häzirki wagtda Galaxy Z Flip 7 barada elýeterli maglumatlar şunuñ bilen çäklenýär. Galaxy Z Flip 7, Galaxy Z Fold 7 we Samsung-yñ beýleki täze önümleriniñ resmi tanyşdyrylyşy 9-njy iýulda Nýu-Ýorkda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniñ çäginde bolar.

ORIENT

Foto: 9to5google.com

Şeýle hem okaň: