Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
26.06.2025 | 10:08 |2025-nji ýylyñ 4-nji iýulynda Aşgabatdaky Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.
Çäre sagat 09:00-dan 12:00-e çenli Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde geçiriler.
Hödürleniş çäresi ilatyñ iş bilen üpjün edilmegine hem-de iş üpjüncilik mümkinçilikleriniñ giñeldilmegine gönükdirilendir. Agzalan çärä kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wekilleriniň hem-de hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyñ 1-nji iýulyna çenli berip bilerler.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasport), eger bar bolsa, zähmet depderçesi bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryna çagyrylýar.
Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bipersiñiz:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi; tel: 39-34-56;
Bagtyýarlyk etraby; tel: 39-34-64;
Berkararlyk etraby; tel: 39-34-71;
Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy); tel: 35-12-69;
Köpetdag etraby; tel: 39-34-76;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ Aşgabat şäher komiteti (S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy); tel: 22-74-07.
ORIENT