Vivo X200 FE: flagman aýratynlykly ykjam smartfon
25.06.2025 | 15:50 |Vivo täze Vivo X200 FE smartfonyny hödürledi. Bu enjam, öndürijilikden ýüz öwürmän, ykjam enjamlary halaýanlar üçin döredildi.
Telefonda 6,31 dýuým AMOLED ekrany bar, çözgüdi 2640 × 1216 piksel, ýygylygy bolsa 120 Hz. Onuň iň ýokary ýagtylygy 4500 kd/m² ýetýär, barmak yzlaryny tanama skaneri bolsa ekrana ýerleşdirilen. Korpusy IP68/IP69 standartlaryna laýyklykda suwa we tozana garşy goraglydyr.
Kameralar ulgamynda üç sany 50 megapiksel sensory bar. Esasy kamera giň burçly, 3 esse optiki zummly we OIS goldawly periskop linzasy hem-de giň burçly moduly öz içine alýar. Öň kamera hem 50 MP bolup, ähli kameralar 4K wideo ýazgyny üpjün edip bilýär.
Vivo X200 FE güýçli MediaTek Dimensity 9300+ prosessor bilen işleýär. Ol 12 GB operatiw ýat we 512 GB çenli saklaýyş mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyrylan. 6500 mA·s batareýasy 90 Wt tiz zarýad bermegi goldaýar we uzak ömrüni wada berýär.
Enjam Android 15 we Funtouch 15 operasiýa ulgamynda işleýär. Gara, sary, gülgüne we asman gök reňkleri elýeterlidir.
ORIENT