Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň esasy meseleleri: Täze zawodlardan parahatçylykly atoma çenli

21.06.2025 | 05:45 |
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň esasy meseleleri: Täze zawodlardan parahatçylykly atoma çenli

20-nji iýunda, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Üns merkezinde ösüşiň esasy ugurlary boldy – halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan uly göwrümli sanlaşdyrma we täze önümçilik desgalaryny işe girizmäge çenli.

Ykdysadyýet we senagat: täze ösüşlere tarap

Ykdysady pudakda birnäçe möhüm habarlar beýan edildi. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB- durnukly” reýting derejesiniň kesgitlenendigi barada habar berdi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky – maliýe serişdeleri boýunça ýurduň iri banklarynyň biridir, bellenen reýting ýurduň maliýe ulgamynyň ygtybarlylygyny we täsirli ätiýaçlandyryş gaznalarynyň bardygyny tassyklaýar. Bu halkara hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin oňyn duýduryşdyr.

Nebitgaz pudagynda, wise-premýer Batyr Amanowyň hasabat berşi ýaly, nebitgaz ýatagyny özleşdirmek işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam eder.

Himiýa pudagynda-da uly üstünlige garaşylýar. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow mineral dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli teklipler hödürledi. Döwlet Baştutany Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi makullady. Munuň özi diňe bir içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmän, eýsem ýurduň eksport mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrar.

Oba hojalyk pudagynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hasabyndan belli bolşy ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak hem-de öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bir wagtyň özünde gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär we beýleki ekinleriň: şalynyň (Daşoguz we Lebap welaýatlarynda) we güýzlük gant şugundyrynyň (Mary welaýatynda) ekiş işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutany ýurtda bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.

Kanunçylyk we durmuş ugry: intellektuallaşdyrmagyň ösüşi

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek, ylmy-intellektual eýeçiligiň hukuk esaslaryny berkitmek (ylmy açyşlary goşmak bilen), wirtual aktiwleri ulanmak babatda hukuk gurşawyny döretmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle hem hereket edýän gümrük kadalaryny, gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar, bu bolsa serhedi has netijeli işlemegine gönükdirilendir.

Wise-premýer Bahar Seýidowanyň hasabat berşi ýaly, ýurduň medeni we jemgyýetçilik durmuşynda iýul aýy wakalardan doly bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa ýokary okuw mekdepleri ýokary tehnologiýalar we innowasion ylmy-usulyýet esasynda has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu bolsa ýurduň bagtyýar geljegine maýa goýumdyr.

Halkara hyzmatdaşlyk: MAGATE

Has giň we ähmiýetli ugurlaryň biri, wise-premýer, we daşary işler ministri Raşid Meredowyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty boldy.Türkmenistan ýadro ylmyny möhüm ugurlarda parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar – lukmançylyk we oba hojalygyndan ekologiýa we suw serişdelerini dolandyrmaga çenli.

Bu hyzmatdaşlygyň çäginde 2025 — 2029-njy ýyllarda MAGATE bilen ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär, bu bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlär. Şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmak boýunça meselesine seredilýär.

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Wena şäherinde (sentýabr) geçiriljek Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşmaga işjeň taýýarlanýar. Suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmak forumyna aýratyn üns berler. Bu ýerde Türkmenistan suw diplomatiýasynyň çäginde halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny beýan eder.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan, Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagynda (10 – 14-nji noýabry aralygynda) ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçiriler. Ýene bir höhüm waka – onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, sentýabr aýynda MAGATE-niň wekiliýetiniň sapary bolar. Bu Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde amala aşyrylar.

Uçuşlaryň howpsuzlygy: Awiasiýanyň täze standartlary

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň ösüşi hasabat berdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak barada Karara gol çekdi. ICAO-nyň halkara standartlara laýyklykda işlenip düzülen bu resminama degişli ugurda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu bolsa Türkmenistanyň howa giňişliginde has-da ygtybarlylygy we howpsuzlygyny üpjün eder.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: