Iň täze habarlar

Orient Express Corinthian: Fransiýanyň iň uly ýelkenli gämisi deňze çykdy

24.06.2025 | 15:20 |
 Orient Express Corinthian: Fransiýanyň iň uly ýelkenli gämisi deňze çykdy

Fransiýanyň Sen-Nazeredäki Chantiers de l’Atlantique gämi ussahanasynda dünýäniň iň uly gämisi Orient Express Corinthian suwa düşürildi. Bu 220 metrlik ýelkenli gämidir. Ol ýönekeý bir gämi bolman, eýsem hakyky deňizde ýüzýän köşkdir. Kaşaň zynatlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň utgaşdyrylmagy netijesinde, ol lýuks syýahatlarynyň geljegini özünde jemleýär.

1

Gämi SolidSail iň ösen ulgamy hem-de suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) esasyndaky gibrid hereketlendiriji enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Munuň özi ony hakykatdan hem uglerodsyz edýär – bu bolsa ekologiýa kadalaryny güýçlendirmegiň esasy ugrudyr. Deňiz jandarlary bilen çakynyşklaryň öňüni almak üçin onuň dolandyryş ulgamyna emeli aň ornaşdyrylandyr. Dinamiki ýerleşiş blogy bolsa deňiz düýbüni gorap, labyryň ýerini tutýar. Gäminiň ähli materiallary ekoulgama iň az täsiri bilen saýlanyp alyndy.

2

Orient Express Corinthian gämisiniň interýer bezegleri fransuz ussalary tarapyndan ýerine ýetirilip, altyn asyryň atlantiküsti laýnerleri bilen ruhlanandyrylandyr. Oňa häzirki zaman dizaýn bezegleri hem goşulandyr. Gämide 54 lýuks we 5 restoran ýerleşdirildi. Baş aşpez bolsa Mişlen ýyldyzlarynyň eýesi Ýannik Alenno.

3

Ilkinji gatnaw 2026-njy ýylyň iýun aýyna meýilledirildi. Ol Ortaýer deňzi we Karibler boýunça amala aşyrylar. 2027-nji ýylda bolsa oňa ekiz taýy bolan Orient Express Olymipan hem goşulşar. Bilermenler Orient Express Corinthian gämisini kaşaňlykdan, tehnologiýa we ekologiýa çözgütlerinden ybarat bolan syýahatçylygyň geljegi baradaky habar bolup durýandygyny hasaplaýarlar.

4

ORIENT

Foto: usevacay/accor

Şeýle hem okaň: