Iň täze habarlar

Gyrgyzystanda Merkezi Aziýanyň iň uly dag-lyža kurorty gurulýar

26.06.2025 | 13:08 |
 Gyrgyzystanda Merkezi Aziýanyň iň uly dag-lyža kurorty gurulýar

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Grygyzystanda Merkezi Aziýanyň iň uly dag-lyža kurortynyň gurluşygynyň ikinji tapgyry tamamlanar. Taslamanyň ady “Ala-Too Resort”.

Gyrgyzystanyň hökümeti “Ala-Too Resort” kärhanasyna Yssyk-köldäki 3916 ga ýeri aýyryp berdi. Häkimiýet kurorta ýylda 850 müňe çenli syýahatçynyň geljegine ynanýar.

Taslama esasy üç kurort zolagy öz içine alýar: Žyrgalan (1 624.7 ga), Ak-Bulak (945.9 ga) we Boz-Uçuk (1 345 ga). Goňşy obalarda hem çagalar baglary, durmuş maksatly binalar we inženerçilik ulgamlary ýaly ähli zerur bolan infrastruktura desgalary gurlar.

Häkimiýetiň pikirine görä, “Ala-Too Resort” tutuşmöwsümleýin syýahatçylyk zolagy bolmalydyr. Lyža möwsümi ýylda ýedi aýa çenli dowam eder, kurortlar bolsa ýylda 850 müňe çenli syýahatçyny kabul edip biler. Lyža ýollarynyň uzynlygy 250 km deň bolar.

ORIENT

Foto: kursiv.media

Şeýle hem okaň: