Iň täze habarlar

Türkmenistan Özbegistanyň bazaryny üpjün edijileriň sanawynda ýokarky onlugyna girdi

25.06.2025 | 12:52 |
 Türkmenistan Özbegistanyň bazaryny üpjün edijileriň sanawynda ýokarky onlugyna girdi

2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistan Özbegistana 235 mln ABŞ dollaryna golaý möçberde haryt eksport etdi. Bu hem Türkmenistana özbek bazaryny iň iri haryt üpjün ediji ýurtlaryň onlugyna girmäge mümkinçilik berdi.

Bu barada Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Statistika baradaky agentligi habar berdi.

Şu ýylyň ilkinji bäş aýynyň dowamynda, öz nobatynda, Özbegistan Türkmenistana 50 mln dollar möçberinde haryt eksport etdi. Bu bolsa 2024-nji ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende 2 mln dollar ýokarydyr.

Umumylykda, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 283,3 mln dollara barabar boldy. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan Özbegistanyň daşarky söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 14-nji orny eýeledi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: