Lawrow bilen geçirilen duşuşykda Hazarýaka döwletleriniň ýörite sammiti boýunça başlangyç beýän edildi
25.06.2025 | 22:25 |25-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Hazar meselesine we bu strategiki möhüm sebitde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri kenarýaka döwletleriň arasynda sazlaşykly özara hereketleriň möhümligini aýratyn nygtady. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde aýdyň kesgitlenilendigi bellenildi.
Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan edildi. Şeýle sammitiň maksady – derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň deňziň täsin ekoulgamyny goramak baradaky tagallaryny tassyklaýar.
Taraplar Hazar deňzi meseleleri boýunça işjeň dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar we bu ugurda şertnamalaryň taslamalaryny ýakyn wagtda tamamlamagyň zerurlygy nygtaldy. Bu ädim, anyk netijelere bolan islegi we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.
ORIENT