Iň täze habarlar

Ýaponiýa magnit esasynda “Fudzi-tramwaý” seplemsiz ulag serişdesini işe girizýär

24.06.2025 | 14:35 |
 Ýaponiýa magnit esasynda “Fudzi-tramwaý” seplemsiz ulag serişdesini işe girizýär

Ýaponiýa innowasion “Fudzi-tramwaýy” işe girizmäge taýýarlanýar. Bu ulag serişdesi syýahatçylary Fudzi dagyna elter. Onuň esasy aýratynylygy – seplemsiz gurluşydyr: ulag rezin tigirleri ulanyp, adaty ýollardan hereket edýär. Esasy tehnologiýasy ýol örtügine ornaşdyrylan magnit markerleriň ulgamydyr. Bu ulgam tramwaýyň hereketini ugrukdyryp, seplemleri goýmadan takyklygy we howpsuzlygy üpjün edýär.

1

Ýamanasi prefekturasynyň hökümetiniň bu saýlap alan çözgüdi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektine gelýän syýahatçylaryň barha artýan akymyny netijeli dolandyrmak islegi bilen kegsitlenilýär. Magnit ulgamy syýahatçylyk akymyny düzgünleşdirmek üçin howpsuzlygy, bahasy we mümkinçiligi boýunça iň gowy çözgüt bolup çykdy.

“Fudzi-tramwaý” dag eteginden 5-nji stansiýa çenli hereket eder. Onuň girizilmegi bilen, bu ugur boýunça beýleki awtoulag hereketleri çäklendiriler. Bu hem gelýän adamlaryň sanyna gözegçilik etmäge ýardam berip, Fudzi dagyna düşýän ýüki azaldar hem-de onuň tebigy gurşawyny gorap saklamaga ýardam berer.

ORIENT

Foto: The Asahi/Pinterest

Şeýle hem okaň: