Rubio ABŞ-nyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
25.06.2025 | 01:10 |ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ABŞ-nyň raýatlarynyň Türkmenistanyň serhediniň üsti bilen Eýrandan çykarylmagyna türkmen tarapynyň beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Döwlet sekretary Rubio we daşary işler ministri Meredow ynsanperwerlik meseleleri boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy şol sanda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-sekretary Temmy Brýus habar berdi.
ORIENT