Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini paýhas bilen saýlamagyna uly hormat bilen garaýar
25.06.2025 | 23:47 |Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Duşuşyk 25-nji iýunda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirildi.
Ministr dünýä syýasatynyň soňky tendensiýalary baradaky öz garaýyşlaryny paýlaşdy we dürli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilişi barada gürrüň berdi.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda ýurduň halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi. Türkmenistan Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur diýip, RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy belledi.
“Türkmenistanyň birleşdirmäge gönükdirilen “Dialog-parahatçylygyň kepili»; “Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; ýaly halkara başlangyçlary we şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşmagyny dowam etdirýär” – diýip, ministr Lawrow belledi.
Çykyşyň dowamynda Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaý bilen baglanyşykly Russiýanyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren dessin ýardamy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna rus tarapynyň adyndan minnetdarlyk bildirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Çykyşyň ahyrynda sorag-jogap alyşmalar geçirildi.