Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025 | 09:35 |23-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler Ministri Seýed Abbas Arakçiniň Aşgabada sapary boldy we türkmen kärdeşi bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Şu nukdaýnazardan, Eýranyň ministri Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna eýran halkyna doganlyk raýdaşlygyny bildirilendikleri we bu ýeňil bolmadyk döwürde birnäçe ynsanperwer meseleleri çözendikleri üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen tarapy Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda ýüze çykan dartgynly ýagdaý bilen baglylykda öz garaýyşyny ilkinjileriň hatarynda mälim etdi. Şeýle hem BMG tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik Bitaraplyk derejesi bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň usuly hökmünde peýdalanmak howpuny kabul etmeýändigi bellenildi. Şunda islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyny ulanmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, parahatçylygy tizden-tiz gazanmak hem-de bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri doganlyk Türkmenistana, onuň ýolbaşçylygyna hem-de halkyna üýtgewsiz goldawlary üçin hoşallyk bildirdi we türkmen tarapy bilen konstruktiw syýasy dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
ORIENT