Ýakyn wagtda “Arap Şengeni” işe giriziler
23.06.2025 | 14:00 |Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdalla bin Tuka Al Marriniň habar bermegine görä, Pars aýlagynyň ýurtlary üçin niýetlenen bitewi syýahatçylyk wizasy makullandy we ýakyn wagtda güýje giriziler.
Bu bir gezeklik bitewi wiza daşary ýurtly syýahatçylara AADHG-ä agza döwletleriň altysyna – BAE, Saud Arabystany, Bahreýn, Katar, Oman we Kuweýt – diňe bir resminama bilen syýahat etmäge mümkinçilik berer. Bu girizilen täzeçilik sebitiň syýahatçylyk pudagy üçin möhüm ädim hasaplanýar we bilermenleriň pikirine görä, täze iş orunlarynyň döremegine we jemi içerki önümiň ösüşine uly goşant goşar.
Umumy wizanyñ girizilmegi bilen iş we dynç alyş syýahatlaryny utgaşdyrýan toplumlaýyn saparlaryň meşhurlygynyň artmagyna garaşylýar. Syýahatçylar diňe bir iş meselelerini çözmän, eýsem goňşy ýurtlary hem öwrenip bilerler, bu bolsa olaryň saparlaryny has baý manyly we gyzykly eder.