Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
18.06.2025 | 23:42 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa rus-türkmen gatnaşyklarynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Doganlyk halklaryň arasynda çuňňur taryhy we dostlukly gatnaşyklaryň bardygyny, şeýle hem netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekdi diýip, Tatarystanyň Raisiniň metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň “KAMAZ”, “KWZ”, Gorki adyndaky Zelenodolskiý zawody, “KER-Holding” we “Eidos” ýaly birnäçe iri kärhananyň Türkmenistanda üstünlikli işleýär. Geçen ýylyň netijelerine görä, Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $39 milliondan geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň göwrümini artdyrmak üçin esasy mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da, Minnihanow nebit gözlemek, gaz daşamak, maşyngurluşyk, awiagurluşyk, gämi gurluşygy we himiýa önümleri bilen üpjün etmek ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.
ORIENT
Ýene-de tema boýunça
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Rustam Minnihanow bilen duşuşdy