Iň täze habarlar

SK Hynix emeli aň üçin ýat saklaýyşda öñdebaryjylygyny pugtalandyryp, ilkinji bolup HBM4E çykarmaga taýýarlanýar

22.06.2025 | 16:50 |
 SK Hynix emeli aň üçin ýat saklaýyşda öñdebaryjylygyny pugtalandyryp, ilkinji bolup HBM4E çykarmaga taýýarlanýar

SK Hynix emeli aň (AI) üçin ýat saklaýyş bazarynda öñdebaryjy ornuny berkitýär we ilkinji bolup HBM ýokary öndürijilikli ýat saklaýşyň ýedinji nesli bolan HBM4E-ni çykarmaga taýýarlanýar. Kompaniýa eýýäm Nvidia, Microsoft we Broadcom ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtleri bilen ýöriteleşdirilen HBM4E çiplerini üpjün etmek boýunça möhüm şertnamalary baglaşdy. Bu hyzmatdaşlaryň arasynda Nvidia SK Hynix-iň iň uly hyzmatdaşy bolup galýar.

Beýleki IT-ägirtlerinden gelen ýokary islege garamazdan, SK Hynix ähli bazar islegini kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýär, sebäbi häzirki önümçilik kuwwaty Apple, Google, Amazon, Meta we Tesla ýaly täze AI-hyzmatlaryny işjeñ ösdürýän öňdebaryjy IT-kompaniýalarynyň ählisine hyzmat etmäge ýeterlik däl. SK Hynix-iň esasy bäsdeşi Samsung häzirki wagtda HBM4 (öňki nesil) bilen çäklenýär we entek Nvidia bilen täze nesil HBM çipleriniň üpjünçiligi boýunça şertnama baglaşyp bilmändir.

Kastomizirlenen (ulanyja görä uýgunlaşdyrylan) HBM bazary çalt ösýär we 2033-nji ýyla çenli onuň 130 milliard dollara ýetjekdigi çaklanylýar. Esasy hyzmatdaşlardan irki sargytlary almagy başaran SK Hynix bu ugurda özüniñ öñdebaryjy ornuny saklap biler.

Önümçilikde möhüm üýtgeşiklikleriň biri hem HBM üçin logiki kristallaryň indi TSMC tarapyndan öndüriljekdigidir, sebäbi bu ulgamlar ýokary takyklykly tehnologiýalary talap edýär.

ORIENT

Foto: kedglobal.com

Şeýle hem okaň: