Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: awtoulag benzini, uçar kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyn alyndy

25.06.2025 | 18:45 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: awtoulag benzini, uçar kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyn alyndy

24-nji iýunda, sişenbe güni Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.

Owganystanyñ, ABŞ-niñ we BAE-niñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "A-92" kysymly awtoulag benzinini, "TS-1" kysymly uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni satyn aldylar. Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 3 000 000 manada we 2 266 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 8 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.

ORIENT

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: