Maglumatlary işleýiş merkezleri üçin ýokary tizlikli XDC optiki aragatnaşyk ulgamy
23.06.2025 | 09:25 |X Display Company (XDC) kompaniýasy täsin simsiz optiki aragatnaşyk tehnologiýasyny hödürledi. Ol bir sekutda 1 mln kadra çenli tizlikde maglumatlary geçirmäge ukyplydyr. Adaty kabelleriň ýerine bu ulgam geçiriji hökmünde ýokary çaltlykdaky microLed-displeýini hem-de kabul ediji hökmünde ýokary tizlikli kamerany ulanyp, enjamlaryň arasynda çalt aragatnaşygy üpjün edýär.
Bu işläp taýýarlama maglumatlary işleýiş merkezleri üçin niýetlenen. Ol ýerde bu tehnologiýa 1 Tbit/s çenli geçirijilik ukybyna ýetip, häzirki zaman ulgam çözgütleriniň köpüsinden öňe geçmegini wada berýär. XDC tehnologiýasynyň esasy artkymaçlyklary – ýokary energiýa netijeliligi (häzirki bar bolan 800G standartlaryndan 2-3 esse gowy) hem-de gymmat bahaly kabelleriň zerur bolmazlygy. Bu bolsa ýaýbaňlandyrmany we infrastruktura hyzmatlaryny aňsatlaşdyrýar.
XDC-iň aýtmagyna görä, bu optiki hasaplamalar we has çeýe, gerimli ulgam çözgütleri üçin gapylary açýar. Emma bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy MIM-niň bar bolan infratsrukturasynyň ep-esli derejede döwrebaplaşdyrylmagyny talap eder. Entek onuň ulanyş ugry belli bolmasa-da, maglumatlary geçirmek transformasiýasy üçin onuň mümkinçiligi aýdyňdyr.
ORIENT