«EKSPO-2025» Osaka: parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň orny baradaky maslahat
31.05.2025 | 19:00 |2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda maslahat geçirildi. Bu maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Maslahata Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary (göni wideo aragatnaşyk arkaly), şeýle hem Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ählumumy hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Türkmenistanyň halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan parahatçylyk ýoly, durnukly ösüş we ählumumy hyzmatdaşlyk üçin durmuşa geçirýän tagallalary barada belledi.
Ýapon tarapynyň wekilleri hem öz gezeginde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen syýasatyny öňe sürmek üçin möhüm platforma bolandygyny bellediler.
ORIENT