Iň täze habarlar

Strategiki başlangyçlar we halkara gatnaşyklar: Hökümet mejlisiniň esasy meseleleri

30.05.2025 | 23:22 |
 Strategiki başlangyçlar we halkara gatnaşyklar: Hökümet mejlisiniň esasy meseleleri

Aşgabat, 30-njy maý | ORIENT. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Üns merkezinde – raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak şeýle hem ylmy-intellektual eýeçilik gatnaşyklary, wirtual aktiwler we gümrük meseleleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere gönükdirildi.

Bellenilişi ýaly, halkara parlament hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Litwanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistanyň we Eýranyň wekilleri bilen iş duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Parlamentiniň wekiliýetiniň Pekine amala aşyran iş saparyna aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanylan “Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplarynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer Batyr Amanow nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli kararyň taslamalaryny tassyklamak üçin hödürlenildi.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hasabyna laýyklykda Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek we ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk we “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi gurmak hakynda Karara gol çekdi we ýurduň halkyny ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady.

Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 2 – 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýän “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada hasabat berdi. Baýramçylygyň çäginde iki sany halkara ylmy maslahaty we ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Astana şäherine iş saparyna şeýle hem 1-2-nji iýunynda Mongoliýa boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Italiýa we Mongoliýa bilen köptaraply hyzmatdaşlyk şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody barada hasabat berdi şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutany senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplarynyň taslamasy barada resminama gol çekdi şeýle hem Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullady.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: