Ýaponiýa we Türkmenistan hukuk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy işjeñleşdirýär
30.05.2025 | 12:45 |29-njy maýda Tokioda Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramowyñ Ýaponiýanyñ adalat ministri Keýsuke Sudzuki bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ ösüşi barada maslahatlaşyp, "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" formatynyñ çäklerinde kanunçykaryjylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky ilçihanasynda habar berilýär.
Ýapon tarapy ýurtlaryñ arasynda hukuk ulgamy boýunça gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.
Türkmen tarapy ministri Türkmenistana gelmäge çagyrdy hem-de BMG-niñ deñze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryñ üçünji maslahaty (5-8-nji awgust, Awaza) hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyñ bitaraplygynyñ 30 ýyllygyna bagyşlanan forumy (12-nji dekabr, Aşgabat) ýaly halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.
Taraplar "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" Dialogynyñ çäklerinde bilelikdäki işi dowam etdirmegi barada ylalaşdylar.
"Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" Dialogy 2004-nji ýylda döredilip, Ýaponiýany hem-de sebitiñ bäş ýurduny, şol sanda Türkmenistany energetika, durnukly ösüş, ulag, hukuk meseleleri boýunça özara gatnaşygy we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üçin birleşdirýär.
ORIENT