Iň täze habarlar

Şweýsariýaly režissýor-dokumentalist Türkmenistanyň Bitaraplygy barada film düşürer

29.05.2025 | 23:43 |
 Şweýsariýaly režissýor-dokumentalist Türkmenistanyň Bitaraplygy barada film düşürer

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Şweýsariýanyň meşhur režissýor-dokumentalisti we “Climage” kino kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Goel bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu geçirilen duşuşyk dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyny ýene bir gezek tassyklady.

Söhbetdeşligiň esasy temasy dokumental filmi düşürmek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi boldy. Möhüm senä – şu ýylyň 12-nji dekabrynda bellenjek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan reportažlary surata düşürmegiň meýilnamalaryna aýratyn üns berildi. Surata düşürilen meteriallar ýewropaly tomaşaçylara gönükdirilen dokumental filmiň esasyny düzer diýlip garaşylýar.

Şeýle film ýewropaly tomaşaçylaryň häzirki zaman Türkmenistany içinden görüp, bitaraplyk filosofiýasy we üstünlikleri bilen tanyşdyrýan penjirä öwrülip biler.

Stefan Goel surata düşürilişe gönüden-göni taýýarlyk görmek we ýurduň halkara syýasatynda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplyk düşünjesine has çuňňur düşünmek üçin Türkmenistana baryp görmäge taýýardygyny aýtdy.

Миссия_Туркменистана_Стефан  Гёль.jpeg

Ženewada geçirilen bu duşuşyk diňe bir Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky medeni we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň ýurt, onuň gymmatlyklary we dünýä giňişligindäki başlangyçlary barada has köp zat öwrenmek mümkinçiligini giňeltmekde möhüm ädimdir.

Syýasy ýolbaşçylaryň, täsirli KHBS-niň we bilermenler jemgyýetiniň Merkezi Aziýa we Türkmenistana barha artýan ünsi, sebit baradaky halkara garaýyşlaryň ösmeginde möhüm tapgyr bolup durýar. Bu Merkezi Aziýanyň has obýektiw we köptaraply görnüşiniň emele gelmegine goşant goşýar we dünýä giňişliginde barha artýan ähmiýetini tassyklaýar.

ORIENT

Foto: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy

Şeýle hem okaň: