Iň täze habarlar

«Elektronika dünýäsi» dükany «Tomus rahatlykda: salkynlyk üçin arzanlaşyk!» atly aksiýasyna badalga berýär

31.05.2025 | 12:40 |
 «Elektronika dünýäsi» dükany «Tomus rahatlykda: salkynlyk üçin arzanlaşyk!» atly aksiýasyna badalga berýär

«Elektronika dünýäsi» hojalyk enjamlary dükany 2025-nji ýylyň 2-nji iýundan 1-nji iýula çenli dowam etjek «Tomus rahatlykda: salkynlyk üçin arzanlaşyk!» atly aksiýasynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Aksiýanyň çäklerinde müşderilere 10% göterimden 30% göterime çenli arzanladylan baha bilen howany sazlaýjy tehnikalaryň we hojalyk enjamlarynyň dürli görnüşleri hödürlener. Arzanlaşyga girizilen harytlaryň sanawyna kondisionerler, wentilýatorlar, sowadyjylar we tomus günlerinde amatly howa gurşawyny döretmek üçin niýetlenen beýleki enjamlar giriziler. Dükanyň wekilleri bu aksiýanyň tomus möwsümine aýratyn taýýarlanyp guralandygyny nygtap, yssy günlerde sowadyjy enjamlara bolan zerurlygyň ýokarydygyny belleýärler. 1 «Tomus ýetip gelýär, yssy bolsa barha güýçlenýär! Tomusyň jöwzasy siziň keýpiňizi bozmasyn!» — diýip, aksiýanyň guramaçylary belleýärler.

«Tomus rahatlykda: salkynlyk üçin arzanlaşyk!» atly aksiýa müşderilere öz hojalyk enjamlaryny täzelemek, yssy günlere taýýarlyk görmek we tomus aýlaryny mümkin boldugyça amatly geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köçesi, 183;

Telefonlar: 14-22-53, (+99364)16-64-91;

Instagram;

TikTok.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: