Iň täze habarlar

Aşgabat – Moskwa ugry boýunça gatnawlar 1-nji iýundan başlap wagtlaýyn duruzylýar

29.05.2025 | 18:35 |
 Aşgabat – Moskwa ugry boýunça gatnawlar 1-nji iýundan başlap wagtlaýyn duruzylýar

2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça T5701/702 we T5715/716 gatnawlaryñ ýerine ýetirilmegi togtadylýar. Munuň ýerine “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawlary girizýär. Bu barada awiakompaniýanyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça täze gatnaw tertibi:

Aşgabat – Kazan

Sişenbe, gatnaw T5733: 11:00 – 12:

Şenbe, gatnaw T5735: 11:10 – 12:25

Kazan – Aşgabat

Sişenbe, gatnaw T5734: 13:45 – 18:55

Şenbe, gatnaw T5736: 13:55 – 19:05

(Wagty ýerli wagt bilen görkezilýär)

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça awiabiletleri bolan ýolagçylar üçin:

T5701 gatnawy awtomatik ýagdaýda T5733 gatnawyna geçiriler

T5715 gatnawy – T5735 gatnawyna geçiriler.

2025-nji ýylyň 2 – 14-nji iýuny aralygynda bu ýolagçylar üçin Kazan şäheriniň howa menzilinden Moskwanyň Domodedowo howa menziline çenli mugt ýerüsti ulag hyzmaty guralar.

2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 25-nji oktýabryna çenli döwürde Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça bilet alan ýolagçylar hem awtomatiki ýagdaýda Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawa geçiriler.

1-14-nji iýun aralygynda Aşgabat – Moskwa ugry boýunça bilet alan ýolagçylaryň uçuş maglumatlaryny anyklamak üçin bileti satyn alan agentlik bilen habarlaşmaklary zerur.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: