Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

30.05.2025 | 20:00 |
 Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Bilim departamentiniň guramagynda Sian şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025” atly halkara maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Dostlukly döwletde ýokary derejede guralan halkara çäresinde Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirýändikleriniň, bu ugurda ählumumy başlangyçlaryny öňe sürýändikleri aýratyn bellendi.

Şeýle hem saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň geljekki hünärmenleri ýetişdirmekdäki alyp barýan işleri, bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara pikir alşyldy. Mundan başga-da taraplar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipleri öňe sürdüler we şol teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň barşynda türkmen wekiliýeti Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň Merkezi Aziýany öwreniş ylmy-barlag merkezinde “Türkmenistanyň ylmy-barlag merkeziniň” açylyş dabarasyna-da gatnaşdy. Täze merkeziň açylmagy iki döwletiň arasynda ylym ulgamyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde we özara bähbitli tejribeleri alyşmakda möhüm orny eýelär.

Ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen halkara foruma gatnaşyjylar üçin ýörite taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäniň dürli künjeginden gelen kärdeşleri bilen birnäçe çärelere hem işjeň gatnaşdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: