Iň täze habarlar

Durnukly ösýän diýaryň röwşen geljegi

21.03.2025 | 13:45 |
 Durnukly ösýän diýaryň röwşen geljegi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynda 2025-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahaty barada, onuň esasy meseleleri, Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň mazmuny, forumda ara alnyp maslahatlaşylan bäş esasy sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk ugry, durnukly ykdysady ösüşiň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa we sosial ulgamda sebitara gatnaşyklaryň ähmiýeti, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, sebitleýin ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada dilçi ýaşlara giňişleýin maglumat berýän maslahat geçirildi.

Ikitaraplaýyn sowal-jogaplaryň esasynda alnyp barylan, hem-de oflaýn we onlaýn görnüşinde alnyp barylan umumy sapak daşary ýurt dillerinde suwara gürläp bilýän ýaşlaryň ýurdumyzyň belent sepgitlerini dünýä dillerinde wagyz etmäge höwesini artdyrdy.

ORIENT

Foto: Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI

Şeýle hem okaň: