Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tehniki enjamlary netijeli ulanmak boýunça sebitleýin seminara gatnaşdy

11.04.2025 | 15:40 |
 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tehniki enjamlary netijeli ulanmak boýunça sebitleýin seminara gatnaşdy

8-10-njy aprel aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) Astanada gümrük barlagynda tehniki enjamlary netijeli ulanmak boýunça sebitleýin seminaryny geçirdi.

Çäre Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň gümrük gullugynyň wekillerini birleşdirdi.

Seminar dolandyryş mümkinçilikleri pugtalandyrmaga we enjamlaryň üpjünçiligine jogapkär işgärleriň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Gümrük barlaglarynyň netijeli we çalt çäreleri söwda ýardam bermekde möhüm düzüm bölegi bolup durýar, döwrebap tehnologiýalar we olaryň ulanylyşy bolsa işiň durnuklylygyny üpjün edýär.

Seminaryň barşynda Latwiýanyň bilermenleri enjamlaryň hereket ediş tapgyrlary, geçiriş nokatlaryň toparlara bölünilişi we ýetmezçilikleriň derňewiniň usulyýeti bilen tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar satyn almalar, tehniki tabşyryklary taýýarlamak we synaglary geçirmek babatda ÝB ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar.

Şeýle hem, tehniki talaplary modelirlemek boýunça amaly sapakar geçirildi.

ORIENT news

Foto: bomca-eu.org

Şeýle hem okaň: