Iň täze habarlar

KazanForumdan öň “Kazan Ekspo” halkara sergiler merkezi “halal” standartlara laýyk gelýändigini subut etdi

10.04.2025 | 15:24 |
 KazanForumdan öň “Kazan Ekspo” halkara sergiler merkezi “halal” standartlara laýyk gelýändigini subut etdi

“Роскачество-Халяль” “Kazan Ekspo” halkara sergiler merkeziniň “halal” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklady. Maý aýynda ol ýere KazanForum maslahatyna gatnaşmak üçin köpsanly yslam ýurtlarynyň wekilleri ýygnanyşar.

“Kazan Ekspo” halkara sergiler merkezi “Роскачество-Халяль” sertifisirleme boýunça edarasynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen gözegçiliginiň netijeleri boýunça “halal” standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini üstünlikli subut etdi.

2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek “Russiýa – yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň öňüsyrasynda bu waka aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Sertifisirleme Kazan Ekspo merkeziniň yslamyň kadalaryna we standartlaryna laýyk gelýän çäräni guramak boýunça başarnyklara eýedigini, binalaryň degişli taýýarlygyny we myhmanlara hyzmat etmegi üpjün edip bilýändigini aňladýar. Çäräniň guramaçylygyny amala aşyrýan işgärler düzümi “halal” ýörelgelerine düşünýär, belli egin-eşik düzgünini we beýlekileri berjaý edýär.

“Kazan Ekspo” merkeziniň infrastrukturasy yslamyň kadalaryny hasaba almak bilen, gepleşikleri, işewür duşuşyklary we sergileri geçirmek üçin ähli şertleri hödürleýär. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlar üçin meýdançany özboluşly edýär” – diýlip, bellenilýär.

“Russiýa – yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumy Kazan şäherinde 13-18-nji maý aralygynda geçiriler.

ORIENT news

Foto: kazanforum.ru

Şeýle hem okaň: