Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyna taýýarlyk ara alyp maslahatlaşyldy
11.04.2025 | 02:00 |10-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň işiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar diýip, DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň baha beriş missiýasynyň işiniň netijeleri beýan edildi we ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Hökümetiniň bu çärä taýýarlyk görmek boýunça ulgamlaýyn protokol-guramaçylyk we seljeriş işlerini alyp barýandygy bellenildi. Tematiki sessiýalary, forumlary we tegelek stollary öz içine alýan maslahatyň maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi.
Brifinge gatnaşyjylar bu çäräniň ählumumy derejede ähmiýetlidigini belläp, gün tertibiniň esasy taraplary, maslahatyň Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanmagy barada giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT