Iň täze habarlar

Lebap Travel Lombok adasyna syýahata çagyrýar

12.04.2025 | 10:30 |
 Lebap Travel Lombok adasyna syýahata çagyrýar

Lebap Travel syýahatçylyk kompaniýasy “Lombok adasynyň säherleri we şapaklary” atly täze sekiz günlük awtorlyk syýahaty hödürleýär. Ol tebigaty, kenar dynç alşyny we ekzotik medeniýeti özünde jemleýär. Baliden parom geçelgesinden bary-ýogy iki ýarym sagat aralykda ýerleşýän Lombok syýahatçylary özüniň owadan kenarýakalary, arassa dury şarlawuklary, wulkan manzaralary hem-de ümsüm kenarlary bilen özüne çekýär.

Günortadan Hindi ummanynyň suwlary, demirgazykdan – Bali deňzi bilen gurşalan bu ada Indoneziýanyň düri hasaplanyp, arkaýyn dynç alşyň gymmatyny bilýän adamlaryň arasynda has meşhurdyr. Syýahat Kuala-Lumpura barmakdan başlap, ol ýerde syýahatçylara meşhur Petronas ekizler-binalarynyň golaýynda ýerleşýän rahat myhmanhana hem-de neon yşykly we aýdym-sazly suw çüwdürümli şäherde agşamky gezelenç garaşýar. Ikinji gün bolsa Lombok adasyna uçuş amala aşyrylyp, syýahatçylar 4 ýyldyzly myhmanhanada ýerleşdiriler.

Soňky günlerde syýahatçylara baý mazmunly maksatnama garaşýar: bürünç eýwanlaryndan we jeňňeliklerden geçip, Benang Stokel we Benang Kelambu şarlawuklaryna gezelenç, banan plantasiýalaryna motosikl gezelenji, şeýle hem Indoneziýada daýwing üçin iň meşhur ýerleriniň biri bolan Gili adalygyna snorkling-syýahaty garaşýar. Bu ýerde “Nest” ýerasty heýkelini görüp bolýar, şeýle hem merjen rifiniň ýaşaýjylary bilen tanşyp bolýar.

Syýahatyň soňky günleri Lombogyň kenarlaryndaky erkin dynç alşa bagyşlanan. Nipah adasyna aýratyn üns berilýär – sebäbi ol ýerde şapaklary synlap bolýar, deňiz önümlerini dadyp, ýerli warunglardaky rahatlyk gurşawyna aralaşyp bolýar. Syýahatyň nyrhyna transferler, gezelençler, gaýyk syýahatlary, myhmanhanalarda ýaşaýyş (Kuala-Lumpurda we Lombokda), ertirlik naharlary we ýadygärliklere baryp görmek üçin biletler girizilendir.

Bu täze ugur boýunça eýýäm ilkinji syýahatçylar topary baryp gördi, olar oňaýly täsirleri we syýahatçylyk baradaky ajaýyp duýgylary bilen paýlaşdylar.

Syýahatyň dowamlylygy: 8 gün/7 gije. Goşmaça maglumat almak we syýahaty öňünden sargyt etmek üçin Lebap Travel edarasyna ýüz tutup bolýar.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri: (+99363)17-55-57

Sosial ulgamlar:

Tik-tok: @le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, Lebap Travel Gili Ashan jennet adasyna syýahatçylygy guraýar

Foto: www.flagman-travel.ru

Şeýle hem okaň: