Emeli aňdan başlap uçýan awtoulaglara çenli: Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” sergisi nämeler bilen haýran galdyrar?
12.04.2025 | 09:40 |Belli bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi açylar. Giň gerimli halkara çäresi Osaka aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçirilip, alty aýlap, ýagny 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Sergi “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini gurmak” atly şygar astynda geçiriler. Onuň “Adamlaryň janly barlaghanasy” atly esasy konsepsiýasynyň çäklerinde durnukly, inklýuziw we tehnologik ösüş üçin innowasion çözgütleriň gözlegine aýratyn üns beriler. Maslahatlaşmalaryň we sergileriň esasy ugurlary ýaşaýşy gorap saklamak, saglygy berkitmek we jemgyýetde özara baglanyşyklary emele getirmek ýaly temalara degişli bolar.
Guramaçylaryň çaklamalaryna görä, “EKSPO-2025” sergisine 28 mln golaý adam barar. 150-den gowrak ýurtlar we halkara guramalar sergä gatnaşmaklaryny tassykladylar. 1,55 km2 meýdanda milli pawilýonlar, tematiki taslamalar we görkeziliş zolaklary ýaýbaňlanar. Ýaponiýa we Osaka şäheri “Täzeden dogulyş” atly tema bagyşlanan Ýaponiýanyň Pawilýony we Osakanyň Pawilýony ýaly özüniň sergilerini taýýarlarlar.
Sergide akylly mobillik, şol sanda uçýan awtoulaglar we MaaS integrirlenen ulag ulgamlary ýaly öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we uglerodly bitarap energetika, robototehnika, 5G-aragatnaşyk we emeli aň binýadyndaky çözgütler, Zatlaryň interneti hem-de uly maglumatlaryň derňewi ýaly iň täze tehnologiýalar babatda eksponatlaryň sergilenjekdigine garaşylýar. Ilkinji gezek wirtual formata aýratyn üns beriler: goşmaça we wirtual tehnologiýalar, şeýle hem sanly awatarlar we onlaýn-ekspozisiýalar arkaly çärä bütin dünýäniň adamlary, şol sanda çäklendirilen mümkinçilikleri bolan adamlar hem gatnaşyp bilerler.
“EKSPO-2025” sergisiniň esasy maksady tehnologiki innowasiýalaryň, durnuklylygyň, medeni köpdürliligiň we hemmeler üçin elýeterli mümkinçilikleriň sazlaşykly utgaşdyrylan geljegiň garaýşyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Guramaçy hökmünde Ýaponiýanyň 2025-nji ýylyň Bütindünýä sergi birleşigi çykyş edýär.
ORIENT news