Iň täze habarlar

2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmek üçin dalaşgärleriň täzelenen sanawy bilen tanyşdyryldy

12.04.2025 | 13:15 |
 2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmek üçin dalaşgärleriň täzelenen sanawy bilen tanyşdyryldy

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmek üçin dalaşgärleriň täzelenen sanawyny mälim etdi. Ozal ýaryşy geçirmek üçin öz arzalaryny Awstraliýa, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilelikdäki arzasyny tabşyrdy. Indi bu sanawa Hindistan hem goşuldy.

Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kongresiniň 35-nji mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda AFK-nyň prezidenti şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa habar berdi.

Bu waka aýratyn ähmiýete eýedir, çünki Aziýanyň Kubogy 1956-njy ýyldan bäri geçirilýän Aziýanyň milli ýygyndylarynyň esasy futbol ýaryşydyr. Aziýanyň Kubogynyň hiç haçan Merkezi Aziýada geçirilmändigini bellemelidiris.

ORIENT news

Foto: dzen.ru

Şeýle hem okaň: