Iň täze habarlar

Aprel aýynyň ahyrynda “ŞHG we Hytaý-Merkezi Aziýa 2025” arbitraž forumy geçiriler

10.04.2025 | 13:30 |
 Aprel aýynyň ahyrynda “ŞHG we Hytaý-Merkezi Aziýa 2025” arbitraž forumy geçiriler

“Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) we Hytaý-Merkezi Aziýa 2025” Arbitraž forumy Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabyndaky Urumçi şäherinde aprel aýynyň 25-ne geçiriler. Bu barada Hytaýyň halkara söwda-ykdysady arbitraž toparynyň habarynda aýdylýar, diýip Sinhua habarlar agentligi belleÿär.

Bu waka Hytaýyň 2024-2025-nji ýyllarda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda (ŞHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralar. Forum ŞHG-na gatnaşyjy-ýurtlary we Merkezi Aziýa üçin derwaýys bolan arbitraž we halkara söwda dawalaryny çözmek bilen baglanyşykly meselelere ünsüni jemlär.

Forumyň temasy “Arbitražda hyzmatdaşlyk üçin tagallalary birleşdirmek we hukugyň hökmürowanlygy döwründe täze gözýetimleri açmak” diýlip atlandyrylýar. Çärä sebitiň ýurtlaryndaky dawalaryň düzgünleşdirilmegi bilen meşgullanýan 30-dan gowrak guramalarynyň we adwokat birleşikleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň çäklerinde dawalary çözmek, emeli aňy arbitraž ulgamyna ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurdaky täze çagyryşlar we çözgütler boýunça hyzmatdaşlyk ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

ORIENT news

Foto: ista.org.tr

Şeýle hem okaň: