Iň täze habarlar

Almaty şäherinde GDA-nyň DIM-niň geňeşiniň mejlisi we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatynda duşuşyk geçirildi

11.04.2025 | 23:55 |
 Almaty şäherinde GDA-nyň DIM-niň geňeşiniň mejlisi we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Алматы, 11 апреля 2025.jfif

11-nji aprelde Almaty şäherinde geçirilen çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

СМИД СНГ, Алматы, 11042025.jfif

Duşuşygyň barşynda Arkalaşygyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça düýpli pikir alyşyldy. Ýakyn geljek üçin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky köptaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

замминистра иностранных дел Туркменистана  Ахмет Гурбанов.jfif

Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Duşanbe şäherinde geçiriler.

Şeýle hem, anna güni “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

встреча МИД ЦА-РФ, Алматы, 11 апреля 2025 года.jfif

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň sammitinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň strategiki taýdan möhüm ugurlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň tertibini kesgitlediler.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: