2026-njy ýylda GDA ýurtlarynyñ meýletinçileriniñ ilkinji forumy Gazagystanda geçiriler
11.04.2025 | 18:11 |Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) ýurtlarynyň meýletinçileriniň ilkinji forumy 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriler.
Bu karar Almatyda geçirilen GDA-nyñ Daşary işler ministrleriniñ geñeşiniñ (GDA DIMG) mejlisinde kabul edildi. GDA DIMG-e gatnaşyjylarynyñ öñünde çykyş etmek bilen, Gazagystan Respublikasynyñ medeniýet we habarlar ministriniň orunbasary Aýzada Kurmanowa meýletinçileriñ forumyny geçirmek baradaky başlangyjyñ 2023-nji ýylyñ oktýabrynda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyñ geñeşiniñ mejlisinde Gazagystanyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan öñe sürülendigini aýtdy.
Forum GDA gatnaşyjy-döwletleriñ arasynda ýaşlaryñ meýletinçilik hereketine goldaw bermäge hem-de medeniýetara aragatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Çäre sebitde tejribe alyşmak we meýletinçiligi ösdürmek üçin möhüm meýdança bolar. Bu bolsa jemgyýetde meýletinçileriñ barha artýan ornuny nazara almak bilen derwaýys mesele bolup durýar.
2024-nji ýylda GDA-da Meýletinçilik hereketiniñ ýylynyñ geçirilmegi şeýle forumyñ esaslandyrylmagynyñ zerurdygyny açyp görkezdi.
Geljekde indiki forumlaryñ GDA-nyñ beýleki ýurtlarynda nobat boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýär.
ORIENT news