Belgiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda žurnalist we hünärmen Derýa Soýsala metbugat kartasy gowşuryldy
11.04.2025 | 23:45 |Halkara metbugat wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy çäklerinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan halkara neşirleriniň — EU Reporter we Bruxelles Korner — žurnalisti, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary öwreniji we daşky gurşawy dolandyrmak boýunça hünärmen Derýa Soýsal akkreditasiýa karty bilen sylaglandy. Şol pursatdan başlap, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Bruxelles Korner neşiriniň resmi habarçysy hökmünde ykrar edildi.
Derýa Soýsal şeýle hem abraýly Diplomatic World Institute guramasynyň agzasy bolup, onuň diplomatiýa we durnukly ösüş meselelerine çuňňur gatnaşýandygyny görkezýär.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda Derýa Soýsal Türkmenistanyň Brýusseldaky diplomatik wekilhanasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Onuň akademiki platformalarda, halkara maslahatlarynda, tele we radio gepleşiklerde eden çykyşlarynyň, şeýle hem ylmy we metbugat çykyşlarynyň netijesinde Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasat ugruna, şol sanda oňyn bitaraplyk syýasatyna giň düşünje we halkara derejesinde hormat goýulýar.
—Hanym Soýsal Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan çärelerde hem-de beýleki abraýly meýdançalarda işjeň gatnaşyp çykyş edýär. Ol Merkezi Aziýa sebitini hemmetaraplaýyn düşünýär, sebitiň taryhy kontekstine, medeniýetine we syýasy proseslerine giň bilimi bar, şeýle-de onuň ösüşine degişli temalary hünär derejesinde beýan edýär. Analitik çemeleşmesi we maglumatlara takyk eýeçiligi sebäpli, onuň Türkmenistan baradaky çykyşlary halkara diňleýjilerde uly gyzyklanma döredýär»- diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň wekili Maral Rahymowa belledi.
Döwrebap halkara metbugatlarynda, köp sanly interwýularynda we sosial torlaryndaky çykyşlarynda Derýa Soýsal Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine üns berýär. Onuň işinde BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2025-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň konsepsiýasyna esaslanýan pikirleriň wagzy aýratyn orny eýeleýär.
Şeýlelikde, hanym Soýsalyň “Bruxelles Korner” neşiriniň habarçysy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde akkreditasiýa almagy onuň hünär derejesiniň ykrar edilmegi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we halkara jemgyýetçiliginiň arasynda ynsanperwerlik we maglumat dialogynyň giňeldilmegine möhüm goşant bolup durýar.
ORIENT