Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we MA-nyň ýaş liderleri üçin okuw we alyş-çalyş boýunça Lagere gatnaşýar

11.04.2025 | 13:52 |
 Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we MA-nyň ýaş liderleri üçin okuw we alyş-çalyş boýunça Lagere gatnaşýar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň düzümindäki türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri üçin okuw we alyş-çalyş boýunça Lagere gatnaşýar.

Merkez Inçuan Ninsýa-Hueý awtonom etrabynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde açyldy. Guramaçylary: Şensi welaýatynyň Ýaşlar federasiýasy, Şensiniň daşary ýurtlar bilen dostlugyň halk birleşigi, Sianyň daşary ýurt dilleri uniwersiteti, Inçuan Ninsýa-Hueý awtonom etrabynyň Ýaşlar federasiýasy, Ninsýa-Hueý awtonom sebitiniň daşary ýurtlar bilen dostlugyň birleşigi, Ninsýan uniwersiteti.

Şeýle Lageri döretmek pikiri HHR-iň başlygy Si Szinpin tarapyndan 2022-nji ýylyň ýanwarynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde öňe sürüldi.

Lager Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş liderleriniň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň liderlik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek we ýaş nesliň ösmegine ýardam bermek üçin meýdança döredýär.

Şu ýyl alyş-çalyş boýunça Lageriň temasy “Sanly ykdysadyýet babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek” diýlip atlandyrylýar. Lageriň çäklerinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” ýaşlaryň ösüşi boýunça dialogyň geçirilmegi meýilleşdirilen, şeýle hem “Intellektual önümçilik we ýokary hilli ösüş”, “Ýaşyl energiýa we ýaşyl ösüş”, “Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk”, “Sanly tehnologiýalar medeni mirasyň gorap saklanylmagyna ýardam berýär”, “Sanly tehnologiýalar oba hojalygyň ösüşini höweslendirýär”, “Bilim almak we sanly tehnologiýalaryň ýaýramagy” hem-de “Sanly tehnologiýalar we medeni innowasiýalar” atly temalar boýunça tematiki seminarlar geçiriler.

Hytaýa saparyň dowamynda hytaý gatnaşyjylar üçin medeniýeti bilen tanyşmak boýunça çäreler hem guralar.

Lager öz işini 16-njy aprele çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: