Iň täze habarlar

2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda taryhda ilkinji gezek gatnaşyjylaryň köp bölegini zenanlar düzer

11.04.2025 | 14:55 |
 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda taryhda ilkinji gezek gatnaşyjylaryň köp bölegini zenanlar düzer

14-30-njy iýul aralygynda Los-Anjelesde geçiriljek 2028-nji ýylyň XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlarynda taryhda ilkinji gezek gatnaşyjy-zenanlaryň sany erkekleriň sanyndan köp bolar.

Bu barada 9-njy aprelde Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen Halkara olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň gysga mejlisinde belli boldy. Mejlisde 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň täzelenen maksatnamasy hödürlenildi.

Halkara olimpiýa komitetiniň sport direktory Kit Makkonnell ýaryşlara 10 500 türgenleriň gatnaşyp (edil 2024-nji ýylyň Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýaly), olaryň 5,333-i – zenan, 5,167-si – erkek türgenleriň boljakdygy barada habar berdi. Bu bolsa sportda gender deňligini gazanmak ugrunda möhüm üstünlikdir. Ol hem aýrylyp berilýän orun sanynyň bölünmegindäki üýtgetmeleriň we dürli sport görnüşlerinde aýallar toparlarynyň köpeldilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Mysal üçin, aýallaryň futbol ýaryşlaryna 16 topar, şol bir wagtyň özünde erkekleriňkide – 12 topar gatnaşar. Şeýle hem, suw polo ýaryşynda aýallar toparlarynyň sany 10-dan 12-ä çenli köpeldiler. Boks görnüşinde bir sany täze aýallar agram topary goşular, bu hem medal ýaryşlarynda deňligi üpjün eder.

Beýleki üýtgetmeleriň arasynda – “üçe üç” basketbol görnüşinde gatnaşyjylaryň 32 topara çenli artdyrylmagy; ilkinji gezek sport daga dyrmyşmak boýunça üç görnüşinde şahsy medallaryň ugurnda ýaryşarlar; kenarýaka kürekleme ugry boýunça ýaryşlaryň üç görnüşi geçiriler. Olimpiýa maksatnamasyna 50 m brass, batterflaý we arkada ýüzmek uzynlyklary hem girizildi.

Mundan başga-da, 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna ýeňil atletikada garyşyk estafeta we küreklemede garyşyk iki-jübüt ýaly 6 sany täze garyşyk ýaryşlar görnüşi hem girizildi.

Bu üýtgetmeler Halkara olimpiýa komitetiniň gender deňligini gazanmaga we sportda aýallaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge bolan meýillerini açyp görkezýär.

ORIENT news

Foto: sportmail.ru

Şeýle hem okaň: