16-njy aprelde Astanada II Merkezi Aziýa media forumy açylar
12.04.2025 | 14:35 |Ikinji Merkezi Aziýa media forumy Astana şäherinde 2025-nji ýylyň 16-njy we 17-nji aprelinde geçer.
Bu möhüm wakanyň 500-den gowrak gatnaşyjylary, şol sanda Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň media ulgamynyň ýolbaşçylaryny we bilermenlerini, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Kataryň we Russiýanyň wekillerini ýygnamagyna garaşylýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we habarlar ministrligi habar berýär.
Forumyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň möhüm ugurlary, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ösüşiň täze nokatlary we hyzmatdaşlygy, global medianyň ösüşi, geljegiň maglumat meýdançasynyň emele gelmegi, şeýle hem emeli aň we uly maglumatlar eýýamynda medianyň sanly transformasiýasy ara alnyp maslahatlaşylar.
Gatnaşyjylar ýurduň abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda sosial ulgamlaryň ornuna hem gararlar. Esasy ýygnaklardan daşary Euronews we CNN ýaly guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Habarlar ministrleriniň iş duşuşygy geçiriler.
Media foruma gatnaşmak üçin ýazylmak çäräniň resmi saýtynda elýeterlidir.
ORIENT news