Iň täze habarlar

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň konsullyk we gümrük meseleleri boýunça mejlisi geçirildi

28.02.2025 | 17:32 |
 Türkmen-eýran hökümetara toparynyň konsullyk we gümrük meseleleri boýunça mejlisi geçirildi

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi 27-nji fewralda Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow, eýran tarapynyň wekiliýetine bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda 2024-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

29022025-zasedanie-turkmeno-iranskoj-mezhpravkomissii (2).jpg

Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle-de gazanylan ylalaşyklaryň doly ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Mejlisiň jemleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: