Iň täze habarlar

"Altyn asyr" ykjam aragatnaşyk operatory "Oraza" mugt hyzmatyny girizdi

02.03.2025 | 11:45 |
 "Altyn asyr" ykjam aragatnaşyk operatory "Oraza" mugt hyzmatyny girizdi

"Altyn asyr" ykjam aragatnaşyk operatory "Oraza" mugt hyzmatyny girizdi. Onuñ kömegi bilen abonentler Mukaddes Remezan aýynda her günki agyz beklenilýän we agyz açylýan wagt tertibi bilen tanşyp bilerler.

Telefonda ýörite buýruklary girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bilersiñiz.

*0870*1# Ahal welaýaty we Aşgabat, Arkadag şäherleri üçin

*0870*2# Balkan welaýaty üçin

*0870*3# Daşoguz welaýaty üçin

*0870*4# Mary welaýaty üçin

*0870*5# Lebap welaýaty üçin

Sizi Mukaddes Remezan aýynyñ başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Kabul bolsun!

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: