Yslam banking tejribesini Russiýanyñ beýleki sebitlerine hem giñeltmegi meýilleşdirýärler
28.02.2025 | 17:28 |Şu ýylyñ maý aýynda geçiriljek KazanForum maslahatlaşmalarynyñ esasy mowzuklarynyñ biri - Yslam banking tejribesini ýurduñ beýleki sebitlerine hem giñeltmek meselesi bolar.
Şu günki gün ol Başkortostan, Tatarystan, Çeçnýa we Dagystanyñ çäklerinden geçýär. Yslam banking tejribesiniñ çäklerindäki möhüm maliýe önümleri AAOIFI Yslam maliýe institutlary üçin buhgalteriýa hasabaty we audit guramasynda sertifisirlenen ýerli hünärmenler tarapyndan işläp taýýarlandy.
Tatarystan Respublikasynyñ Raisi, Strategiki garaýyş toparynyñ başlygy Rustam Minnihanow şeýle belledi: "Şu gün AAOIFI bilen özara gatnaşyklary ösdürmek biziñ üçin möhüm wezipedir". R.Minnihanowyñ aýtmagyna görä, Russiýa we musulman döwletleriniñ hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýanyñ iñ iri ykdysady meýdançasy bolup, "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" bolup durýar.
XVI "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly Halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyñ 13-18-nji maýy aralygynda Kazanda geçiriler. Çärä gatnaşmak üçin şu salgyda bellige alnyp bilersiñiz: https://reg.kazanforum.ru/ru/registration.
Çäräniñ taýýarlaýyş we guramaçylyk işleriniñ operatory bolup Roskongress Gaznasy çykyş edýär. Operatoryñ ýerine ýetiriji direksiýasy bolup "Sport we durmuş taslamalarynyñ direksiýasy" awtonom täjirçilik däl guramasy bolup hyzmat edýär.
ORIENT