Özbegistan we NACAG zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
26.02.2025 | 04:25 |Özbegistanda azot kislotasynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi we bu ugurdaky geljekki meýilnamalar boýunça Germaniýanyň azot kislotasy boýunça klimat täsirleri toparynyň (NACAG) sekretariatynyň ýolbaşçysy Torsten Brezina baştutanlygyndaky wekiliýet we "ýaşyl ykdysadyýete geçiş we ösüşi utgaşdyrmak Müdirliginiň" işgärleri maslahat geçirdiler. Taraplaryň duşuşygy ýurduň ykdysadyýet we maliýe Ministrliginde geçirilenligi barada UzDaily.uz habar berdi.
NACAG wekilleri ýurduň azot kislotasyny öndürýän kärhanalarynda azot oksidleriniň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan çäreler barada gysgaça syn görkezip, taslamanyň çäklerinde meýilleşdirilen başlangyçlar barada maglumat berdiler. Duşuşykda himiýa senagatynyň kärhanalarynda azot oksidleriniň zyňyndylaryny gözegçilikde saklamak üçin monitoringiň ornaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, NACAG azot oksidleriniň zyňyndylaryny dolandyrmak üçin uzak möhletli çäreleri işläp taýýarlamak, bu sektory ýurduň milli klimat strategiýalaryna goşmak, şeýle hem zyňyndylary azaltmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmak we olary mugt esasda işletmek boýunça goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.Duşuşygyň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Azot kislotasy boýunça klimat täsirleri topary (Nitric Acid Climate Action Group – NACAG) 2015-nji ýylda geçirilen Pariž klimat konferensiýasynyň çäklerinde döredilip, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan goldanylýar. NACAG dünýäniň ähli azot kislotasy zawodlarynda azot oksidleriniň (N₂O) zyňyndylaryny azaltmak üçin täsirli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermegi maksat edinýär. Bu maksada ýetmek üçin NACAG degişli hyzmatdaş ýurtlara tehniki, syýasy we maliýe taýdan kömek hödürleýär. Öz gezeginde, hyzmatdaş ýurtlar geljekde zyňyndylary yzygiderli azaltmak jogapkärçiligini öz üstüne almalydyrlar.
NACAG-yň resmi internet sahypasynda bellenmegine görä, topar hökümetlere we kärhana operatorlaryna N₂O zyňyndylary bilen göreşmegiň tehnologiki we kadalaşdyryjy taraplary boýunça maslahat we maglumat berýär. Mundan başga-da, ösüş maksatlary üçin resmi kömek almaga hukugy bolan ýurtlara zyňyndylary azaltmak tehnologiýalarynyň satyn alynmagy we gurnalmagy üçin maliýe goldawy hödürlenýär.
Bu maliýe goldaw hyzmatdaş ýurtlaryň Pariž ylalaşygyna laýyklykda, öz milli borçnamalarynyň çäklerinde zyňyndylary azaltmak çärelerini doly öz üstüne almak şertinde berilýär. Hyzmatdaş ýurtlaryň zyňyndylary azaltmaga bolan ygrarlylygy başlanan işleriň durnuklylygyny we pudagyň uzak möhletleýin üýtgedilmegini üpjün edýär.
ORIENT