Iň täze habarlar

Türkmenistanda “Aýyň türgenini” saýlarlar

26.02.2025 | 12:50 |
 Türkmenistanda “Aýyň türgenini” saýlarlar

Türkmenistanda “Aýyň türgeni” atly bäsleşik yglan edildi. Onuň çäklerinde raýatlar SMS-ses berilişik arkaly aýyň iň gowy türgenini kesgitlärler. Başlangyç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy, “Mahabat” müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan durmuşa geçiriler.

Şu aý “Aýyň türgeni” diýen ada halkara ýaryşlarynda iň gowy netijeleri görkezen institutyň ýedi türgeni dalaş edýär. Her bir türgeniň öz belgisi bar.

Şahzadbek Matýakubow – 7

Sabina Kadyrowa – 8

Nurmuhammet Baýdogdyýew – 9

Guwanç Hemraýew – 10

Maýsa Pardaýewa – 11

Amanmuhammet Hommadow – 12

Gülnabat Ýazylowa – 13

Aýyň dowamynda tele tomaşaçylara her bir türgen barada wideo ýazgylar, olaryň gündelik türgenleşiklerinden düşürilen pursatlar, dalaşgärleriň halkara ýaryşlaryndaky çykyşlary, şeýle hem olaryň gazanan iň gowy netijeleri görkeziler.

Iň köp SMS-sesleri alan türgen degişli derejä mynasyp bolar. Ses berilişigiň netijeleri turkmentv.gov.tm saýtynda elýeterli bolar.

Bäsleşigiň ýeňijisine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar gowşurylar. “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda ýeňijiniň gatnaşmagynda ýörite gepleşik guralar. Mundan başga-da, ol barada ýörite telefilm hem düşüriler.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: