Iň täze habarlar

Türki akademiýasynda türki dünýäsiniň taryhynyň bilelikdäki monografiýasyny döretmegi teklip etdiler

26.02.2025 | 10:45 |
 Türki akademiýasynda türki dünýäsiniň taryhynyň bilelikdäki monografiýasyny döretmegi teklip etdiler

Türki akademiýasynda türki dünýäsiniň taryhyna bagyşlanan bilelikdäki monografiýany döretmek teklip edildi. Bu başlangyç halkara iş maslahatyň dowamynda öňe sürüldi. Maslahata Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy ýurtlaryň öňdebaryjy taryhçylary we bilermenleri gatnaşdy.

Türki akademiýasynyň prezidenti Şain Mustafaýew şeýle monografiýanyň döredilmegi kyn meseledigini belledi. Sebäbi köpsanly ýakyn halklaryň we döwletleriň taryhyny birleşdirmek gerek.

Bu işiň esasy maksady türki dünýäsiniň möhüm taryhy tapgyrlarynyň şöhlelendirilmegi, esasan hem, ýaşlaryň arasynda umumy taryhy aňyň emele getirilmegi we milli buýsanjyň pugtalandyrylmagydyr. Monografiýa giň köpçülik, şol sanda talyplar we ýaş alymlar üçin elýeterli bolar ýaly düşnükli usulda ýazylmaly.

Türki taryhy-medeni mirasynyň halkara arenasynda wagyz edilmegi esasy ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Maslahata gatnaşyjylar akademiki çuňlugy düşnükli usul bilen utgaşdyrjak geljekki işiň konseptual esaslaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: