Çžençžoudan Aşgabada: täze TIR ulag ugry açyldy
21.02.2025 | 01:05 |20-nji fewralda Çžençžoudaky (HHR-niň Henan sebiti) halkara ýol ulag merkezinden ofis harytlary ýüklenen TIR ýük awtoulagy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada tarap ýola düşdi. Bu waka “Çžençžou – Aşgabat” aralygynda täze TIR ulag ugrunyň açylyşyny alamatlandyrdy diýip, “China News Network” habar berýär.
TIR (fransuzça Transport International Routier – halkara ýol ýük daşamalar) – bu halkara ýol ýük daşamalar baradaky Konwensiýasy bilen düzgünleşdirilýän halkara ýük ulaglary ulgamydyr. Ol ýeňilleşdirilen gümrük amallary bilen harytlary birnäçe ýurduň serhedinden daşamaga mümkinçilik berýär.
Harytlar “Zhengzhou Hongyi Transport Co., Ltd.” kompaniýasy tarapyndan daşalyp, ol Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki “Horgos” barlag nokadynyň üsti bilen HHR-iň çäginden çykar we soňra Aşgabada barmak üçin üstaşyr Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Tutuş ýol takmynan 6000 kilometre barabar bolup, 9 gün dowam edýär. Hytaýyň ýük awtoulag kompaniýasy Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda göni ýük ulag gatnawyny ilkinji gezek amala aşyrýandygyny aýratyn bellemelidiris.
TIR – ýük daşamalary Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwdanyň ösmegine kömek edýär. Ýönekeýleşdirilen gümrük amallary netijesinde harytlar has çalt eltilýär. Ulag çykdajylarynyň arzanlamagy harytlaryň bahasyna oňyn täsir eder.
“Çžençžou – Aşgabat” ugrunyň açylmagy Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag aragatnaşygyny ösdürmekde möhüm ädimdir. Bu ýol iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder diýlip garaşylýar.
ORIENT